Türkmen kuraşçylary Stambulda geçirilýän dünýä çempionatynda 7 medal gazandylar

04:4904.12.2017
0
6333

Biziň türgenlerimiz Stambulda kuraş göreşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda medallaryň 7-sine eýe boldular. Ýygyndy toparymyzyň   düzümine Aşgabatda sentýabrda geçen V Aziýa oýunlarynda ýeňiji bolan  güýçli türgenler hem girýär.

4-nji dekabrda tamamlanýan dünýä birinjiligine 35 ýurtdan  türgenleriň 270-si gatnaşýar.

60 kilograma çenli agramda çykyş edenleriň arasynda Şamuhammet Gurbanow kümüş medala eýe boldy. Mundan başga-da ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üstüni bürünç medallaryň 6-sy doldurdy.

Erkekleriň arasynda 66 kilogram  agramda çykyş eden Marat Orazow we Erkin Omurzakow, şeýle hem 73 kilogram agramda bäsleşen Begenç Baltaýew bu medallaryň eýeleri boldular.

Zenanlaryň arasynda bolsa bürünç medala 63 kilograma çenli agramda çykyş eden Gülşat Nasyrowa, Mähriban Gurbanowa (57 kg), Zarina Saparowa (48 kg) mynasyp bolmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň