Maýyplaryň halkara güni mynasybetli Aşgabatda pauerlifting boýunça ýaryş geçirildi

23:4503.12.2017
0
6842

3-nji dekabrda Türkmenistanyň maýyplary goldamak baradaky merkeziniň gurnamagynda pauerlifting boýunça kubok ýaryşy geçirildi. Ýaryş türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara maýyplar gününiň çäräleriniň bir bölegine öwrüldi.

Türkmenistanly türgenleriň 40-dan gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa Bütindünýä ýöriteleşdirilen Olimpiadanyň we Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň gatnaşyjylary goşuldy.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda baş baýraga 61 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden halkara derejeli sport ussady Walentina Simakowa mynasyp boldy.  Erkekleriň arasyndaky ýaryşyň ýeňijisi bolsa sport ussady Spartak Ramazanow boldy. Ol 107 kilogram agram derejesinde ýaryşdy.
Ýeňijilere "Gyzyl kak" kompaniýasynyň we Dokma senagaty ministrliginiň adyndan sowgatlar berildi. Baýraklaryň arasynda, elbetde, Türkmenistanyň kubogy hem bar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň