Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa — 2018-de toparçalar belli boldy

16:1503.12.2017
0
3829

1-nji dekabrda Russiýanyň paýtagty Moskwadaky Kremlde 21-nji Dünýä Kubogynyň toparçalarynyň bije çekiliş dabarasy boldy. Taryhy bije çekiliş dabarasyny ozalky futbolçy, angliýaly dünýä belli ýyldyz oýunçy Gari Lineker bilen russiýaly Mariýa Komandnaýa alyp bardy. Bije çekiliş dabarasyna futbolyň rowaýaty ýyldyzlaryndan ozal Dünýä kubogyny galdyran futbolçylar – Diego Maradona, Gordan Benks, Loran Blan, Karlos Kafu, Fabio Kannawaro, Çarles Puýol, Miroslaw Klose, şeýle hem Diego Forlan, Nikita Simonýan dagy gatnaşdylar. Bulardan başga-da milli toparlaryň tälimçileri, belli-belli öňki we häzirki futbolçylar hem dabaranyň myhmany boldular.

Bijeler barada aýdylanda, Russiýanyň ýygyndysy adatça ýer eýeleri “A” toparça düşýär. Olar Saud Arabystanynyň, Müsüriň hem-de Urugwaýyň ýygyndylary bilen duşuşarlar. Şeýle-de çempionatyň açylyş duşuşygy 14-nji iýunda Russiýa bilen Saud Arabystanynyň milli toparlarynyň arasynda bolar. Soňky çempion Germaniýanyň milli topary-da “F” toparçada Meksikanyň, Şwesiýanyň hem-de Günorta Koreýanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar. Bu kubogy iň köp eýelän Braziliýanyň ýygyndysy-da “E” toparça düşüp, sambaçylaryň garşydaşlary Şweýsariýa, Kosta Rika we Serbiýa boldy. Lionel Messiniň topary Argentinanyň ýygyndysy-da Islandiýadyr Horwatiýanyň hem-de Nigeriýanyň ýygyndylary bilen bije çekişdi. Dünýä ýyldyzy Ronaldonyň milli topary-da onuň çykyş edýän kluby “Real Madridiň” wekilçilik edýän ýurdy Ispaniýa bilen, şol sanda Marokko we Eýranyň ýygyndylary bilen duşuşar.

«A» TOPARÇA

RUSSIÝA, dünýä reýtinginde — 65 (534), 11-nji gezek gatnaşýar (1958, 1962, 1966, 1970, 1982, 1986, 1990, 1994, 2002, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 4-nji orun (1966)

SAUD ARABYSTANY, dünýä reýtinginde —  63 (539), 5-nji gezek gatnaşýar (1994, 1998, 2002, 2006, 2018), iň gowy netijesi — 1/8 final (1994)

MÜSÜR, dünýä reýtinginde —  31 (805), 3-nji gezek gatnaşýar (1934, 1990, 2018), toparçadan çykyp bilmedi

URUGWAÝ, dünýä reýtinginde — 21 (924), 13-nji gezek gatnaşýar (1930, 1950, 1954, 1962, 1966, 1970, 1974, 1986, 1998, 2002, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 2 gezek çempion (1930, 1950)

«B» TOPARÇA

PORTUGALIÝA, dünýä reýtinginde  — 3 (1358), 7-nji gezek gatnaşýar (1966, 1986, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 3-nji orun (1966)

ISPANIÝA, dünýä reýtinginde  — 6 (1231), 15-nji gezek gatnaşýar (1934, 1950, 1962, 1966, 1978, 1982, 1986, 1990, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — çempion (2010)

MAROKKO, dünýä reýtinginde  —  40 (738), 5-nji gezek gatnaşýar (1970, 1986, 1994, 1998, 2018), iň gowy netijesi — 1/8 final (1986)

EÝRAN, dünýä reýtinginde  —  32 (798), 5-nji gezek gatnaşýar (1978, 1998, 2006, 2014, 2018), toparçadan çykyp bilmedi

«C» TOPARÇA

FRANSIÝA, dünýä reýtinginde  — 9 (1183), 15-nji gezek gatnaşýar (1930, 1934, 1938, 1954, 1958, 1966, 1978, 1982, 1986, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — çempion (1998)

AWSTRALIÝA, dünýä reýtinginde  —  39 (747), 5-nji gezek gatnaşýar (1974, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 1/8 final (2006)

PERU, dünýä reýtinginde  — 11 (1128), 5-nji gezek gatnaşýar (1930, 1970, 1978, 1982, 2018), iň gowy netijesi — çärýek final (1970)

DANIÝA, dünýä reýtinginde  — 12 (1099), 5-nji gezek gatnaşýar (1986, 1998, 2002, 2010, 2018), iň gowy netijesi — çärýek final (1998)

«D» TOPARÇA

ARGENTINA, dünýä reýtinginde  — 4 (1348), 17-nji gezek gatnaşýar (1930, 1934, 1958, 1962, 1966, 1974, 1978, 1982, 1986, 1990, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 2 gezek çempion (1978, 1986)

ISLANDIÝA, dünýä reýtinginde  — 22 (910), 1-nji gezek gatnaşýar

HORWATIÝA, dünýä reýtinginde  — 17 (1018), 5-nji gezek gatnaşýar (1998, 2002, 2006, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 3-nji orun (1998)

NIGERIÝA, dünýä reýtinginde  — 50 (671), 6-njy gezek gatnaşýar (1994, 1998, 2002, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 3 gezek 1/8 final (1994, 1998, 2014)

«E» TOPARÇA

BRAZILIÝA, dünýä reýtinginde  — 2 (1483), 21-nji gezek gatnaşýar (1930, 1934, 1938, 1950, 1954, 1958, 1962, 1966, 1970, 1974, 1978, 1982, 1986, 1990, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 5 gezek çempion (1958, 1962, 1970, 1994, 2002)

ŞWEÝSARIÝA, dünýä reýtinginde  — 8 (1190), 11-nji gezek gatnaşýar (1934, 1938, 1950, 1954, 1962, 1966, 1994, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 3 gezek çärýek final (1934, 1938, 1954)

KOSTA RIKA, dünýä reýtinginde  —26 (850), 5-nji gezek gatnaşýar (1990, 2002, 2006, 2014, 2018), iň gowy netijesi — çärýek final (2014)

SERBIÝA, dünýä reýtinginde  — 37 (756), 12-nji gezek gatnaşýar (1930, 1950, 1954, 1958, 1962, 1974, 1982, 1990, 1998, 2006, 2010, 2018), iň gowy netijesi — 2 gezek 4-nji orun (1930, 1962)

«F» TOPARÇA

GERMANIÝA, dünýä reýtinginde  — 1 (1602), 19-njy gezek gatnaşýar (1934, 1938, 1954, 1958, 1962, 1966, 1970, 1974, 1978, 1982, 1986, 1990, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 4 gezek çempion (1954, 1974, 1990, 2014)

MEKSIKA, dünýä reýtinginde  — 16 (1032), 16-njy gezek gatnaşýar (1930, 1950, 1954, 1958, 1962, 1966, 1970, 1978, 1986, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 2 gezek çärýek final (1970, 1986)

ŞWESIÝA, dünýä reýtinginde  —  18 (998), 12-nji gezek gatnaşýar (1934, 1938, 1950, 1958, 1970, 1974, 1978, 1990, 1994, 2002, 2006, 2018), iň gowy netijesi — 2-nji orun (1958)

GÜNORTA KOREÝA, dünýä reýtinginde  — 59 (563), 10-njy gezek gatnaşýar (1954, 1986, 1990, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 4-nji orun (2002)

«G» TOPARÇA

BELGIÝA, dünýä reýtinginde  — 5 (1325), 13-nji gezek gatnaşýar (1930, 1934, 1938, 1954, 1970, 1982, 1986, 1990, 1994, 1998, 2002, 2014, 2018), iň gowy netijesi —  4-nji orun (1986)

PANAMA, dünýä reýtinginde  — 56 (621), 1-nji gezek gatnaşýar

TUNIS, dünýä reýtinginde  —  27 (838), 5-nji gezek gatnaşýar (1978, 1998, 2002, 2006, 2018), toparçadan çykyp bilmedi

ANGLIÝA, dünýä reýtinginde  — 15(1047), 15-nji gezek gatnaşýar (1950, 1954, 1958, 1962, 1966, 1970, 1982, 1986, 1990, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — çempion (1966)

«H» TOPARÇA

POLŞA, dünýä reýtinginde  — 7 (1209), 8-nji gezek gatnaşýar (1938, 1974, 1978, 1982, 1986, 2002, 2006, 2018), iň gowy netijesi — 3-nji orun (1974, 1982)

SENEGAL, dünýä reýtinginde  —  23 (884), 2-nji gezek gatnaşýar (2002, 2018), iň gowy netijesi — çärýek final (2002)

KOLUMBIÝA, dünýä reýtinginde  — 13 (1078), 6-njy gezek gatnaşýar (1962, 1990, 1994, 1998, 2014, 2018), iň gowy netijesi — çärýek final (2014)

ÝAPONIÝA, dünýä reýtinginde  — 55 (623), 6-njy gezek gatnaşýar (1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018), iň gowy netijesi — 1/8 final (2002, 2010)

 

XXI Dünýä kubogynyň duşuşyklarynyň geçiş tertibi:

14.06.2018 20:00 "A" Russiýa – S. Arabystany "Lužniki" Moskwa

15.06.2018 17:00 "A" Müsür – Urugwaý "Ýekaterinburg Arena" Ýekaterinburg

15.06.2018 20:00 "B" Marokko – Eýran "Sankt-Peterburg Arena" Sankt-Peterburg

15.06.2018 23:00 "B" Portugaliýa – Ispaniýa "Fişt Olimpiýskiý" Soçi

16.06.2018 15:00 "C" Fransiýa – Awstraliýa "Kazan Arena" Kazan

16.06.2018 21:00 "C" Peru – Daniýa "Mordowiýa Arena" Saransk

16.06.2018 18:00 "D" Argentina – Islandiýa "Otkrytiý Arena" Moskwa

16.06.2018 00:00 "D" Horwatiýa – Nigeriýa "Kaliningrad Arena" Kaliningrad

17.06.2018 17:00 "E" Kosta Rika – Serbiýa "Samara Arena" Samara

17.06.2018 23:00 "E" Braziliýa – Şweýsariýa "Rostow Arena" Rostow-na-Don

17.06.2018 20:00 "F" Germaniýa – Meksika "Lužniki" Moskwa

18.06.2018 17:00 "F" Şwesiýa – G. Koreýa "Nižnyý-Nowgorod Arena" Nižnyý-Nowgorod

18.06.2018 20:00 "G" Belgiýa – Panama "Fişt Olimpiýskiý" Soçi

18.06.2018 23:00 "G" Tunis – Angliýa "Wolgograd Arena" Wolgograd

19.06.2018 17:00 "H" Polşa – Senegal "Otkrytiý Arena" Moskwa

19.06.2018 20:00 "H" Kolumbiýa – Ýaponiýa "Mordowiýa Arena" Saransk

19.06.2018 23:00 "A" Russiýa – Müsür "Sankt-Peterburg Arena" Sankt-Peterburg

20.06.2018 20:00 "A" Urugwaý – S. Arabystany "Rostow Arena" Rostow-na-Don

20.06.2018 17:00 "B" Portugaliýa – Marokko "Lužniki" Moskwa

20.06.2018 23:00 "B" Eýran – Ispaniýa "Kazan Arena" Kazan

21.06.2018 17:00 "C" Fransiýa – Peru "Ýekaterinburg Arena" Ýekaterinburg

21.06.2018 20:00 "C" Daniýa – Awstraliýa "Samara Arena" Samara

21.06.2018 23:00 "D" Argentina – Horwatiýa "Nižnyý-Nowgorod Arena" Nižnyý-Nowgorod

22.06.2018 20:00 "D" Nigeriýa – Islandiýa "Wolgograd Arena" Wolgograd

22.06.2018 17:00 "E" Braziliýa – Kosta Rika "Sankt-Peterburg Arena" Sankt-Peterburg

22.06.2018 23:00 "E" Serbiýa – Şweýsariýa "Kaliningrad Arena" Kaliningrad

23.06.2018 20:00 "F" Germaniýa – Şwesiýa "Fişt Olimpiýskiý" Soçi

23.06.2018 23:00 "F" G. Koreýa – Meksika "Rostow Arena" Rostow-na-Don

23.06.2018 17:00 "G" Belgiýa – Tunis "Otkrytiý Arena" Moskwa

24.06.2018 17:00 "G" Angliýa – Panama "Nižnyý-Nowgorod Arena" Nižnyý-Nowgorod

24.06.2018 20:00 "H" Ýaponiýa – Senegal "Ýekaterinburg Arena" Ýekaterinburg

24.06.2018 23:00 "H" Polşa – Kolumbiýa "Kazan Arena" Kazan

25.06.2018 19:00 "A" Urugwaý – Russiýa "Samara Arena" Samara

25.06.2018 19:00 "A" S. Arabystany – Müsür "Wolgograd Arena" Wolgograd

25.06.2018 23:00 "B" Eýran – Portugaliýa "Mordowiýa Arena" Saransk

25.06.2018 23:00 "B" Ispaniýa – Marokko "Kaliningrad Arena" Kaliningrad

26.06.2018 19:00 "C" Daniýa – Fransiýa "Lužniki" Moskwa

26.06.2018 19:00 "C" Awstraliýa – Peru "Fişt Olimpiýskiý" Soçi

26.06.2018 23:00 "D" Nigeriýa – Argentina "Sankt-Peterburg Arena" Sankt-Peterburg

26.06.2018 23:00 "D" Islandiýa – Horwatiýa "Rostow Arena" Rostow-na-Don

27.06.2018 23:00 "E" Serbiýa – Braziliýa "Otkrytiý Arena" Moskwa

27.06.2018 23:00 "E" Şweýsariýa – Kosta Rika "Nižnyý-Nowgorod Arena" Nižnyý-Nowgorod

27.06.2018 19:00 "F" G. Koreýa – Germaniýa "Kazan Arena" Kazan

27.06.2018 19:00 "F" Meksika – Şwesiýa "Ýekaterinburg Arena" Ýekaterinburg

28.06.2018 23:00 "G" Angliýa – Belgiýa "Kaliningrad Arena" Kaliningrad

28.06.2018 23:00 "G" Panama – Tunis "Mordowiýa Arena" Saransk

28.06.2018 19:00 "H" Ýaponiýa – Polşa "Wolgograd Arena" Wolgograd

28.06.2018 19:00 "H" Senegal – Kolumbiýa "Samara Arena" Samara

IKINJI TAPGYR (1/8 FINAL)

30.06.2018 19:00 1/8 – 2 "C" 1 – "D" 2 "Kazan Arena" Kazan

30.06.2018 23:00 1/8 – 1 "A" 1 – "B" 2 "Fişt Olimpiýskiý" Soçi

01.07.2018 19:00 1/8 – 3 "B" 1 – "A" 2 "Lužniki" Moskwa

01.07.2018 23:00 1/8 – 4 "D" 1 – "C" 2 "Nižnyý-Nowgorod Arena" Nižnyý-Nowgorod

02.07.2018 19:00 1/8 – 5 "E" 1 – "F" 2 "Samara Arena" Samara

02.07.2018 23:00 1/8 – 6 "G" 1 – "H" 2 "Rostow Arena" Rostow-na-Don

03.07.2018 19:00 1/8 – 7 "F" 1 – "E" 2 "Sankt-Peterburg Arena" Sankt-Peterburg

03.07.2018 23:00 1/8 – 8 "H" 1 – "G" 2 "Otkrytiý Arena" Moskwa

ÇÄRÝEK FINAL

06.07.2018 19:00 ÇF – 1 1/8 – 1 – 1/8 – 2 "Nižnyý-Nowgorod Arena" Nižnyý-Nowgorod

06.07.2018 23:00 ÇF – 2 1/8 – 5 – 1/8 – 6 "Kazan Arena" Kazan

07.07.2018 19:00 ÇF – 4 1/8 – 7 – 1/8 – 8 "Samara Arena" Samara

07.07.2018 23:00 ÇF – 3 1/8 – 3 – 1/8 – 4 "Fişt Olimpiýskiý" Soçi

ÝARYM FINAL

10.07.2018 23:00 ÝF – 1 ÇF – 1 – ÇF – 2 "Sankt-Peterburg Arena" Sankt-Peterburg

11.07.2018 23:00 ÝF –2 ÇF – 3 – ÇF – 4 "Lužniki" Moskwa

3-nji ÝER ÜÇIN

14.07.2018 19:00 3-nji ýer – "Sankt-Peterburg Arena" Sankt-Peterburg

FINAL

15.07.2018 20:00 FINAL – "Lužniki" Moskwa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň