Arhiw

“Altyn Asyryň” hem-de “Ahalyň” resmi wekilleri AFK-nyň seminaryna gatnaşar

16:1003.12.2017
0
7769

5-6-njy dekabrda Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) her ýyl geçirilýän (AFC Cup 2018 Workshop/AFC Champions League 2018 Workshop) okuw seminary geçiriler — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.

AFK-nyň kuboklarynda çykyş edýän Aziýanyň toparlarynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda (AFK Çempionlar ligasy we AFK kubogy) geçirilýän okuw seminarynyň esasy wezipesi geljekki möwsümiň öňüsyrasynda kwalifikasiýany ýokarlandyrmakdan ybarat bolar.

Iki günlük seminaryň dowamynda gatnaşyjylar AFK-nyň hünärmenleriniň taýýarlan prezentasiýalaryny syn ederler we olaryň geçirjek leksiýalaryny diňlärler. Şeýle-de öňümizdäki möwsümde toparlaryň çykyş etjek futbol köýnekçeleri görkezilip, özaralarynda dürli ugurda pikir alşylar.

“Ahalyň” adyndan toparyň menejeri Guwançmuhammet Öwekow bilen metbugat işgäri Konstantin Grigorýans,  “Altyn Asyryň” adyndan bolsa toparyň menejeri Gurbanmyrat Hojageldiýew bilen metbugat işgäri Kiçigul Kiçigulow foruma gatnaşarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň