Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda önümçiligiň tehnologiýalarynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

23:5802.12.2017
0
5890

Paýtagtymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi açyldy, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Import harytlarynyň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda hyzmatdaşlygyň köpugurly meselelerine ilkinji gezek bagyşlanan şu gezekki gözden geçirilişiň tapawutly aýratynlygy dürli taýýar harytlar bilen bir hatarda türkmen öndürijileriniň iň täze enjamlaryny we olary öndürmek üçin abzallar, dünýäniň belli kompaniýalarynyň synag – ölçeýiş enjamlary we barlaghana gurallarynyň görkezilmegidir. Sergä gatnaşyjylaryň ýetmişden gowragy – döwlet we telekeçilik düzümleri öz mümkinçiliklerini görkezdiler, olar Türkmenistanda, Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlarynyň , beýleki döwletleriň kompaniýalaryna wekilçilik edýärler. Dostlukly ýurduň “Safuar” halkara sergi guraýjy kompaniýasy Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň uly wekiliýetine wekilçilik etdi.

Bu iri möçberli sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýaýbaňlandyryldy, bu ýere hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Serginiň bölümleri özüniň mazmuny we ugry, şeýle hem ýokary derejedäki bezegi hem-de dürli görnüşliligi bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň dokma pudagynyň, obasenagat toplumynyň, balyk hojalygynyň, himiýa senagatynyň, gurluşyk ulgamynyň, saglygy goraýşyň, şeýle hem telekeçileriň taýýar önümleriniň dürli görnüşleri serginiň täsirliligini artdyrýar.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde daşary ýurt öndürijileriniň okgunly ösýän türkmen bazarynyň zerurlyklaryny hasaba almak bilen, taýýar önümleri gaplamak ulgamynda tekilperiň we çözgütleriň toplumyny taýýarlandyklaryny bellemek gerek, bu toplumda şeýle hem gaplaýyş serişdeleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça enjamlary we abzallary özüne alýan teklipler bar, bu gaplar suwuk önümler üçin köp gatly gaplary özünde jemleýär.

Iri möçberili serginiň işi bilen üç günüň dowamynda, 4-nji dekabra çenli tanşyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň