Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna garaldy

00:2302.12.2017
0
5873

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde türkmen döwletiniň Baştutanyna Maliýe-bank ulgamyna degişli edaralaryň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler, içerki bazaryň ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilişi, bu ugurda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşy, Aşgabatda geçirilen energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri, energetika we gurluşyk toplumlarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, jemagat hojalygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak bilen bagly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ulag we aragatnaşyk toplumlarynda geçirilen işler barada hasabatlar berdildi. Şeýle-de döwlet Baştutany gyş paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermäge, şeýle hem 5–6-njy dekabrda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk, Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler, 4–5-nji dekabrda Moskwa şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna görülýän taýýarlyk, “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakyndaky” abşyryklaryň ýerine ýetirilişi, Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi, etraplaryň we şäherleriň birnäçesiniň birleşdirilmegi bilen baglylykda geçirilen guramaçylyk işleri, innowasion häsiýetli senagat düzümlerini kemala getirmek baradaky hasabatlary hem diňläp,  olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň