Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

23:5701.12.2017
0
5739

Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi.

Wise-premýeriň sözlerine görä, maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şol sammiti 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka sebitiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň taslamasyna aýratyn üns bererler. Şeýle hem Hazarda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli bolan bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Astrahanda geçirilen IV Hazarýaka sammitinde teklip eden söwda-ykdysady ulgamda we ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar boýunça geňeşmeleri dowam etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, onuň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, strategiki energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistan Hazar deňzi hem-de onuň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak meseleleri boýunça gepleşiklerde işjeň orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň