Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi

05:2730.11.2017
0
8768

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Gurluşyk Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Eltiji ýollar bilen birlikde, türkmen gurluşykçylary diňe bir demir ýoly çekmän, eýsem, onuň düzümini hem gurnarlar. Bularyň ählisi Turgundy bekediniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin onuň ähmiýetini güýçlendirer. Bu demir ýol şahasy boýunça ýurt öz öňümlerini daşarky bazarlara çykarmaga hem-de isleg bildirilýän daşary ýurt harytlaryny getirmäge hem oňaýly mümkinçilige eýe bolýar.

Demir hem-de gara ýollaryň Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazar deňzinde Türkmenbaşy deňiz menzili bilen birleşdirmegi göz öňünde tutulýar. Soňra geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa, ondan aňryk Tbilisiniň üsti bilen Ankara we soňra Stambula çenli dowam etdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň