Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we ÝHHG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

23:2329.11.2017
0
4138

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Duşuşygyň dowamynda milletiň Lideri we myhman Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Uly kuwwaty bolan energetika pudagynda halkara gatnaşyklaryna täze itergini bermek maksadynda tagallalary netijeli birleşdirmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunda ýurdumyzyň energiýa serişdelerini öndürmek, şeýle hem olary ibermek we sarp etmek ýaly ugurlary öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren anyk başlangyçlarynyň ähmiýeti we zerurdygy bellenildi.

Daşky gurşawy goramak boýunça taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugry hökmünde görkezildi. Olaryň möhümleriniň hatarynda Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak bar.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda ileri tutulýan beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda, ulag-aragatnaşyk we beýleki birnäçe ugurlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň