Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

04:3229.11.2017
0
7949

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji noýabrda iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bu ýerde geçiriljek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere garaldy, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, halk maslahatynyň işini ýola goýmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda oba ilatynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş -durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň Mary welaýatynda ýerine ýetirilişi seljerildi, şeýle hem welaýatyň, onuň etraplarynyň we şäherleriniň häkimleriniň alyp barýan işlerine baha berildi. Mejlisiň barşynda welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi, bu ugurda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmagyň ýollary maslahatlaşyldy, şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welaýatda 2008—2017-nji ýyllarda 18 hassahana, 25 saglyk öýi we merkezleri, 56 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 65 orta mekdep, 17 sany medeniýet öýi, 43 sany sport mekdebi we desgasy, meýdany 1,5 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şu döwürde uzynlygy 3200 kilometrden gowrak suw hem-de lagym geçirijiler, 965 kilometr awtomobil ýollary, 2650 kilometre golaý elektrik geçirijiler guruldy.

Mejlisiň dowamynda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berildi. Ol welaýatlarda, şol sanda Mary welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işlerine geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň häkimi wezipesine D.Annaberdiýewi belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz şeýle hem işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Gulamowy Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Toýly Kakajanow bellenildi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Mary welaýatynyň täze bellenen häkimine ýüzlenip, sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow türkmen-owgan serhedinden başlanýan we Owganystan Yslam Respublikasynyň Turgundy menziline çekilýän demir ýol şahasynyň gurluşygyna girişmek mynasybetli dabara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer bu işlere girişmäge ak pata bermegini milli Liderimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisiniň dabaraly çärelere gatnaşjakdygyny belläp, wise-premýere çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň