Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

00:0029.11.2017
0
5418

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyk geçirildi, ol ýurdumyza Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin geldi.

Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, ÝHHG-niň giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň tarapdary hökmünde çykyş edýär, munuň özi ösüşiň umumydünýä meýillerine düýpli täsir ýetirmäge ýardam berer. Biziň ýurdumyz bu Guramanyň döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we görnüşleriniň giňeldilmegine tagallalaryny doly goldaýar hem-de geljekde hem ÝHHG-niň dünýäde ornunyň pugtalandyrylmagyna, onuň gymmatlyklarynyň ornaşdyrylmagyna öz goşandyny goşar.

Duşuşyga ÝHHG-niň merkeziniň baştutany Natalýa Drozd hem gatnaşdy, taraplar duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň özara hormat goýmak, duşünişmek ýörelgelerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly ähmiýet berýändiklerini hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gepleşikleri ugur edinýändiklerini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň