Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy

10:2828.11.2017
0
5543

28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy, şu ýyl Türkmenistan bu Konferensiýa başlyklyk edýär.

Maslahata Konferensiýa gatnaşyjy döwletleriň we synçy ýurtlaryň, iri halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen paýtagty özünde 50 döwletden 200-den gowrak wekili jemläp, dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýyny hem-de meýillerini, şol sanda ählumumy energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri halkara merkez hökmünde özüniň belent derejesini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Türkmen tarapyndan forumyň işine hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatyň açylyş dabarasyna şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary çagyryldy.

Umumy mejlisiň dowamynda ýygnananlar energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň hukuk ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Foruma gatnaşyjylar, hususan-da, Gambiýanyň nebit senagaty we energetika ministri Faf Sanýanga, Nigeriýanyň Ylym we tehnologiýalar Federal ministrliginiň Hemişelik sekretary doktor Amina Bello Mahammad Şamaka, BAE-niň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, doktor Matar Al Neýadi we beýlekiler öz çykyşlarynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň gün tertibine girizilen wezipeleriň möhümdigini bellediler.

Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabatda geçirilýän mejlisine gatnaşýan daşary ýurt bilermenleri, geňeşçileri hem-de iri kompaniýalaryň dolandyryjy wekilleri energetika pudagynda maýa goýumlarynyň töwekgelçiliklerine baha bermek boýunça strategiki çäreler babatynda öz garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin teklip etdiler, şeýle hem dünýä energetika bazaryny ösdürmegiň esasy meselelerine we meýillerine seljerme berdiler.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri, şol sanda Konferensiýanyň maksatnamasyny, 2018—2020-nji ýyllarda başlyklyk etmegiň sanawyny, 2018-nji ýylda meýilleşdirilen mejlisleriň deslapky tertibini tassyklamak boýunça we beýleki meseleler girizildi.

***

Şeýle hem forumyň meýdançalarynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary doktor Urban Rusnak hem-de ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyklary geçirildi, duşuşyklaryň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň