Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar

05:1328.11.2017
0
10927

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine şol bir wagtda buýrujy we baş potratçy hökmünde Amyderýanyň üstünden geçýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işlerini amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we monumenti 2018-nji ýylyň mart aýynda doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň