Rumyniýada «Caspian-Black Sea Forum. Beyond energy» forumynyň çäklerinde “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy

20:3726.11.2017
0
6404

Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasyna «Caspian-Black Sea Forum. Beyond energy» forumy geçirildi, onuň maksady –ýerli kompaniýalary Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň durmuş-ykdysady, şeýle hem maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdy. Duşuşygyň çäklerinde şu döwletleriň ilçihanalarynyň işgärleri tematiki tanyşdyryşlary teklip etdiler. 

Çärä Rumyniýada ýerleşýän ilçihanalaryň, ýurduň Söwda-senabagat edarasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik köpçüliginiň, ulag, energetika, himiýa, senagat, konsalting, dermanhana, azyk, syýahatçylyk, dokma we beýleki ulgamlarda işleýän iri kompaniýalrynyň kyrkdan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Tanyşdyrmalardan soň forumyň meýdançasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Türkmen diplomatik wekilhanasynyň işgärleri geljekki hyzmatdaşlaryny ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, onuň serişde we maýa goýum mümkinçiligi, ulag-logistik infrastrukturasy, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan iri taslamalar bilen tanyşdyrdylar. 

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy, ol bu ýere ýygnanlarda uly gyzyklanma döretdi. Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň goldamagynda ýurdumyzyň Ilçihanasynyň guran çäresine gatnaşanlar döwlet baştutanynyň türkmen halkynyň baý taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna, onuň häzirki üstünliklerine bagyşlanan täze eseriniň dünýä ýurtlarynyň köpüsinde okyyjylar köpçüligi üçin gyzykly boljakgyny bellediler. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň üstünden geçen ýurtlarynyň arasynda ykdysady, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýeti bolan Beýik Ýüpek ýolunyň siwilizasiýa taýdan özboluşlylygyny öwrenmek babatda möhümligi bellenildi. 

Tanyşdyrylyşa gatnaşanlar Beýik Ýüpek ýolunyň iki beýik siwilizasiýalaryň- Gündogar bilen Günbataryň özara gatnaşyklarynda ägirt uly ähmiýetli bolandygyny nygtadylar. Kerwen ýollary bilen medeni, ruhy gymmatlyklar, açyşlar, hojalygy ýöretmegiň tejribesi we senetleriň syrlary alşylypdyr. Şunuň netijesinde kemala gelen ykdysady diplomatiýa özara düşünişmegiň, syýasy ylalalşygyň we ösüşiň möhüm guraly bolupdyr. 

Kitap Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesinde eýeleýän başlangyçly we oňyn ornuna, onuň sebit we ählumumy goşulyşma islegine düşünmäge mümkinçilik berýär. Kitabyň adynyň Türkmenistanda 2018-nji ýyly şygaryna öwrülmegi hem bellärlikli ýagdaýdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň