Soňky habarlar

Arhiw

DHÇMB söwdalarynda nebithimiýa, dokmaçylyk we azyklyk bugdaýy esasy önümleri boldy

15:2226.11.2017
0
3598

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 88-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kükürdi, ABŞ-dan gelen işewürler bolsa ýodly kalini we tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleriň giň görnüşini, bugdaý ununy, nah ýüplügi we pagta süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 137 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Şweýsariýanyň işewürleri 4 million 400 müň manatdan gowrak maşyngurluşyk önümleriniň we süýji-köke önümleriniň giň görnüşini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 21 million 644 müň manatdan gowrak ýük awtoulagyny, polipropileni (TNGIZT), azyklyk bugdaýy, pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň