Mejlisde kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär

23:5725.11.2017
0
7938

Mejlisiň garamagyna “Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň möhüm ugrudyr. Adamzada wehim salýan uly howplara, şol sanda terrorçylyga garşy hereket etmek işinde ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bu ugurdaky anyk ädimlerdir.

Soňra deputatlar “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalary, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin howply bolan we zyýanly neşe serişdelerini ýaýratmaga garşy göreşde anyk we wajyp orun eýeleýändigi bellenildi. Bu babatda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ylalaşykly hereket edýär we ýurdumyz neşe hem-de psihotrop serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça halkara Konwensiýalaryna, sebitleýin we halkara taslamalara hem-de BMG-niň neşekeşlik we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň (UNDOS), Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.

«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanunyň taslamasyna seretmek bilen, parlamentariler Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk syýasatyna hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzda Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler. 

«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bilen pikir alyşyldy. Bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, onuň sazlaşykly ösmegine möhüm ähmiýet berilýär. Obasenagat toplumyna uly möçberde maýa serişdeleri goýulýar. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de umuman, döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etmelidir.

Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegi we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Kosmos işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Yer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.

Bulardan başga-da, maslahatda «Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, «Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, «Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) tassyklamak hakynda”, «Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda”, «Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir kararlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

Şeýle hem gün tertibine «Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda» Karar girizildi, resminama laýyklykda, ses bermegiň ýeke-täk güni kesgitlenildi.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda garamak üçin girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň