Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda arheologik gözlegleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy

20:2525.11.2017
0
5756

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer A. Garajaýewe hem-de ylym we bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe Türkmenistanyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, şu maksatlar bilen dünýä belli institutlar bilen gepleşikleri geçirmeli. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şeýle ekspedisiýalar näçe köp guralsa, şonça-da edermen türkmen halkynyň şöhratly taryhyny açyp görkezýän täze açyşlar köp bolar. Döwlet Baştutanymyz biziň topragymyz taryhy gadymyýete uzaýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýär, geçen asyrlaryň köpsanly syrlaryny we wakalaryny özünde saklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu syrlaryň, wakalaryň üstüni açmak bilen, özüniň örän baý taryhyna bütin dünýäniň gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi hem-de geçirlen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň