Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny atrdyrmak boýunça çäreleriň toplumy bellenildi

19:2625.11.2017
0
4543

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde 2018-nji ýylda dokma pudagynyň kärhanalaryny ýeňillikli bahalar boýunça pagta çig maly bilen üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde senagat meseleleri boýunça wise-premýer M. Aýdogdyýewiň habar berşi ýaly, häzirki wagtda dünýäde dokma önümleriniň öndürilişiniň möçberi olara bolan isleglerden has ýokary bolup durýar. Munuň özi bu önümleri ýerlemekde uly bäsdeşligi döredýär.

Onuň sözlerine görä, türkmen dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek ulgamynda oýlanyşykly nyrh syýasaty bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, pudaklaýyn kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hilli önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde dokma senagatyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Pudagyň ösüşiniň ýokary depginini üpjün etmek, türkmen dokma önümleriniň daşary bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde möhüm çäreler, şol sanda dünýäniň dokma işewürliginde durnukly orny eýelemäge ukyply milli özboluşlylygy ýüze çykarýan aýratynlygy döretmek boýunça çäreler görülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň