Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar

18:3225.11.2017
0
2770

4-5-nji dekabrda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 9-njy mejlisi hem-de onuň çäklerinde işewürler maslahaty geçirler. Bular barada hökümetiň mejlisinde söwda toplumyna we telekeçilik ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer O. Gurbannazarow habar berdi.

Awstriýa tarapyndan çärelere energetika, maşyngurluşyk, gurluşyk materiallary, oba hojalyk, ulag, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim we komýuter tehnologiýalar ulgamlarynda iş alyp barýan döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň 24-siniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmen-awstriýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajypdygyny belledi hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlyk, geljegi uly taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek üçin hünär derejesinde esasyň goýulýandygyny nygtap, wise-premýere serginiň hem-de Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň