2-4-nji dekabr aralygynda Aşgabatda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirler. Sergide dürli pudaklar – nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we azyk senagaty, saglygy goraýyş ulgamlary we beýlekiler üçin döwrebap enjamlar görkeziler.
Sergi lazer we elektron tehnologiýalary ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen Türkmenistanda çykarylýan önümleri mahabatlandyrmaga hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Çäre söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, onuň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalara badalga bermäge gönükdirilendir.