Daşary ýurt dillerini okatmagyň ulgamy kämilleşdirilýär

00:2125.11.2017
0
14261

24-nji noýabrda geçirilen hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawuny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnamany durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüp gelýän nesle daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz dil babatdaky taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin uly artykmaçlykdygyny, onuň adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygyny, raýatlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi üçin konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň, mugallymlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň