Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

00:0025.11.2017
0
3461

24-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, 20-21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kWt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Owganystanyň iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagynyň goňşy döwletiň ykdysadyýetini dikeltmek üçin esasy şert bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň däl, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir eder hem-de olaryň dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam eder.

Şeýle hem milli Liderimiziň pikirine görä, Owgan ugrunda elektroenergetika düzümini ösdürmek boýunça ädilýän anyk ädimler hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistanyň saldamly goşandy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň