Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet kitaphanasynda Gündogar alymlaryna, edebiýatçylaryna bagyşlanan kitap sergisi guraldy

13:4024.11.2017
0
3049

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Gündogaryň parlak ýyldyzlary» atly kitap sergisi guraldy. sergide Gündogaryň akyldarlary, ulamalary we beýik söz ussatlary Jelaleddin Rumynyň, Abdyrahman Jamynyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Omar Haýýamyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Muhammet ibn Musa Horezminiň, Nejmeddin Kubranyň we beýleki tanymal şahsyýetleriniň kitaphananyň seýrek neşirler bölüminde saklanylýan, dürli ýyllarda neşir edilen eserleriniň gadymy we häzirki zaman nusgalary giňden ýaýbaňlandyryldy. Halk hakydasynda ebedi orun alan ajaýyp eserleri hem-de dürdäne goşgy setirleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda öçmejek yz goýan ulamalaryň we şahyrlaryň edebi miraslaryna bagyşlanan sergi bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň