Soňky habarlar

Arhiw

Milli uniwersiadanyň 3x3 basketbol, estafeta we suwda ýüzmek ýaryşlary geçirildi

12:5124.11.2017
0
2421

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 22 görnüşi boýunça guralýan uniwersiadanyň talyp oglanlaryň arasynda basketbol 3x3 boýunça ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa toparlaryň 18-si gatnaşdy. Ýaryşda birinji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary eýeledi. Ikinji orna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, üçünji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” sport toplumynda uniwersiadanyň talyp oglanlaryň we gyzlaryň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşda talyp oglanlar 100, 400 metr aralyklara ylgamak, dört bolup her biri 100 metr aralyga estafeta görnüşde ylgamak, uzynlygyna bökmek boýunça çykyş etdiler. Bäsleşige toparlaryň 20-si gatnaşyp, onda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary birinji orny eýeledi. Bu ýaryşda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary ikinji, Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Talyp gyzlar bolsa bu ýaryşda 100, 200 metr aralyklara ylgamak, dört bolup, her biri 100 metr aralyga estafeta görnüşde ylgamak, uzynlygyna bökmek boýunça çykyş etdiler. Bu bäsleşige toparlaryň 17-si gatnaşyp, onda degişlilikde ilkinji orunlara Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň toparlary mynasyp boldular.

Türkmenistanyň “Olimpiýa” suw-sport toplumynda uniwersiadanyň talyp oglanlarynyň arasynda suwda ýüzmek boýunça ýaryşy geçirilip, bu bäsleşige toparlaryň 20-si gatnaşdy. Ýaryşda birinji orny Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, ikinji orny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, üçünji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň toparlary eýeledi.

Ýaryşlaryň ýeňijilerine Sport baradaky döwlet komitetiniň Hormathatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň