"Häzirki wagtda gurluşyk işleriniň 90 göterimi tamamlandy. Ýakynda Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň hut özi gurluşygyň barşy bilen tanyşdy" diýip, "Infoabad" habarlar saýtynda aýdylýar.
Mekdebiň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýylyň martynda badalga berildi. Ol Astrahan gubernatorlygynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň adyndan sowgat bolar. Mekdep nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterer. Mekdebiň gurluşygyny "Myradym" hususy kärhanasynyň Astrahandaky şahamçasynyň hünärmenleri alyp barýar.
Iki gatly orta bilim edarasy 3,5 müň inedördül metr meýdany tutýar. Häzirki wagtda gurluşyk işleri, esasan, tamamlandy. Synp otaglaryny enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.