Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hindi sahna ussatlarynyň çykyşlary guralýar

10:3624.11.2017
0
1411

Şu günler hindi halk tanslarynyň topary Aşgabatda konsert bilen çykyş edýär. Olaryň türkmen paýtagtyndaky çykyşlary Hindistanyň Garaşszylygynyň 70, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Hindistanly tans ussatlarynyň çykyşlaryna 23-nji noýabrda "Watan" kinokonsert merkezinde geçirilen dabara bilen badalga berildi. Dabaralary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy bilen birlikde geçirýär. Dabaralarda Hindistanyň Nepal Nagara şäherinden gelen sungat ussatlary çykyş edýärler. Hindi sungat ussatlarynyň çykyşlary şu gün Mary şäherinde dowam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň