Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär

23:4823.11.2017
0
19658

Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi.

Ähtnama Owganystanda serhet ýakasyndaky Turgundy bekedinde demir ýoly düýpli abatlamagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň we Owganystanyň ykdysady, taryhy we medeni gatnaşyklary hem-de iki dostlukly goňşy ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşanda öwrülen Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýol gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, haryt dolanyşygynyň hem-de ýükleriň üstaşyr geçirilmeginiň möçberleriniň artmagy Ähtnamanyň esaslary bolup durýar.

Täze resminama döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümlerini giňeltmäge we gatnaşyklary, demir ýol ulgamynda ysnyşykly ulag hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilendir.

Aslynda, bu şahanyň ýagaýyny nazara alyp, Türkmenistanyň Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli onuň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu bölegiň täzeden guruljakdygyny aňladýar, özi-de, dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar. Umuman, eltýän ýollar bilen birlikde, demir ýoluň 13 kilometrini çekmeli, döwrebap düzümi gurnamaly bolar.

Munuň özi Turgundy bekediniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin onuň ähmiýetini güýçlendirer. Bu demir ýol şahasy boýunça ýurt öz önümlerini daşarky bazarlara çykarmak hem-de isleg bildirilýän daşary ýurt harytlaryny getirmek üçin has oňaýly usula eýe bolýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylda Turgundy bekediniň üsti bilen 13 müň 202 wagon ýük, 2017-nji ýylyň 10 aýynda 7 müň 886 wagon ýük daşaldy.

Ýurtlarymyzyň ysnyşykly demir ýol düzümleriniň ösdürilmegi ugrundaky nobatdaky ädim ýakynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda (RECCA VII) kesgitlenen tekliplere laýyklykda alnyp barylýar.

Ähtnama gol çekmek dabarasynda owgan tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, Owganystan Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar hoşniýetli özara hereketleriň nusgalyk göreldesi bolup, diňe iki ýurduň däl, eýsem, ondan has giň möçberlerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýär.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek, bu ýurda nebit önümlerini getirmekden başlap, owgan gök önümlerini hem-de miwelerini, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary we beýleki harytlary eksport etmäge çenli dürli önümleriň iberilmeginiň we ýük dolanyşygynyň artdyrylmagynyň netijesinde kiçi we orta işewürligiň tutýan ornuny güýçlendirmek üçin goşmaça ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berer

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň