Soňky habarlar

Arhiw

«Gyzylgum» Artur Geworkýanyň goly bilen «Metallurgyň» hötdesinden geldi

15:3923.11.2017
0
5982

Özbegistanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynda «Gyzylgum» öz meýdançasynda «Metallurgdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Türkmenistanly legioner Artur Geworkýanyň tora salan pökgüsi toparyna ýeňiş getirdi.
Bu oýunda eýýäm 7-nji minutda «Gyzylgumyň» hüjümçisi Miržalol Kasymow hasaby açdy.
Myhmanlar diňe 63-nji minutda Muhammadjon Sultanowyň tagallasy bilen hasaby deňlediler. 5 minutdan soňra türkmenistanly legioner Artur Geworkýan «Gyzylguma» ýeňiş getiren pökgini tora saldy.
29-njy tapgyrdan soňra «Gyzylgum» 36 utuk bilen 11-nji orna eýelik edýär.
Şu gün – 22-nji noýabrda Artur Geworkýanyň 33 ýaşynyň dolandygyny ýatladýarys. «Metallurgyň» derwezesine girizilуn gol onuň doglan gününe özboluşly sowgat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň