Soňky habarlar

Arhiw

"Ahalyň" çempionlyk umydy azalýar

15:3523.11.2017
0
1564

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 31-nji tapgyrynda öz meýdançasynda esasy bäsdeşi “Altyn Asyr” toparyndan ýeňlen “Ahal” topary Balkanabatda “Balkanyň” garşysyna geçiren duşuşygynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Mundan iki tapgyr öňinçä birinji ornunda baran “Ahal” 32-nji tapgyrdan soň “Altyn Asyrdan” 4 utuk yza galdy. 31-nji tapgyrda öz meýdançasynda 3 utuk gazanan “Balkana” ýeňiş getiren toplary Mekan Saparow bilen Yhlas Magtymow öz atlaryna ýazdyrdylar. Gollara baý bolan duşuşykda “Altyn Asyr” “Merwi” ýeňlişe sezewar etdi. Şu ýerde “Merwiň” örän gowy oýny görkezendigini aýratyn belläp geçmek gerek.

Üçünji orunda barýan “Şagadam” “Köpetdagyň” garşysyna geçiren duşuşygynda wajyp 3 utugy gazandy. Ýaryş tablisasynyň soňky ornunda barýan “Turan” öz meýdançasynda “Aşgabat” bilen deňme-deň oýnady. Şeýlelikde geçirilen 32 tapgyrdan soň “Altyn Asyr” ynamly birinji orny eýeleýär.

32-nji tapgyryň netijeleri:

 “Balkan” – “Ahal” – 2:1                              

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş)

Gollar: ‘36 Mekan Saparow; ’55 Yhlas Magtymow  (“Balkan”) – ’64 Myrat Annaýew (“Ahal”)

Sary duýduryşlar: ’23 Wezirgeldi Ylýasow; ’71 A. Kakajaýew

Duşuşygyň emini: I. Barabaş

Tomaşaçy: 1000                                         

“Altyn Asyr” – “Merw” – 4:2                       

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Gollar: ’18 Murat Ýakşiýew (11 m.j.u); ’47, ’86 Altymyrat Annadurdyýew;’90+4 Mihail Titow   (“Altyn Asyr”) – ’13 Ilýa Tamurkin; ’56 Ýagmyrow Guwanç (“Merw”)

Sary duýduryş: Muhammet Öwezow (“Merw”)

Duşuşygyň emini: A. Sapaýew

Tomaşaçy: 200                                                                      

“Şagadam” – “Köpetdag” – 1:0                  

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş)

Gol: ’52 Süleýman Muhadow (“Şagadam”)

Sary duýduryş: ’63 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”)

Duşuşygyň emini: B. Allaberdiýew

Tomaşaçy: 500

“Turan” – “Aşgabat” – 0:0                           

Geçirilen ýeri: “Garaşsyzlyk” stadiony (Daşoguz ş)

Sary duýduryşlar: ’29 Resul Saparbaýew; ’35 Mirza Beknazarow; ’72 Faruh Abdiýazow; ‘90+5 Daýanç Nuryýew (“Turan”) – ’29 S. Jumaniýazow; ’58 Azat Tagandurdyýew; ’77 Nazar Baýramow; 90+4 Ylýas Rozyýew; 90+5 Gahrymanberdi Çonkaýew (“Aşgabat”)

Gyzyl petek: ’73 Faruh Abdiýazow, ikinji sary peket (“Turan”)

Duşuşygyň emini: R. Ereşow

Tomaşaçy: 500 

Habaryň çeşmesi: www.tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň