Noýabryň iň owadan goly Merdan Gurbanowyňky

04:2823.11.2017
0
8211

22.11.2017. “Dnepriň” oýunçylarynyň noýabr aýynda tora salan gollary üçin ses berişligiň jemlerini jemlemegiň wagty gelip ýetdi, diýlip - “fcdnepr.by” saýtynda habar berilýär.

Janköýerleriň pikiriçe, 28-nji tapgyrda Mozyryň “Slawiýasy” bilen geçirilen oýunda milli ýygyndymyzyň ezber oýunçysy Merdan Gurbanowyň derwezä girizen pökgüsi noýabryň iň owadan goly diýlip yglan edildi. Şol gol 109 adamyň sesini aldy.

2-nji orna Denis Lewiskiý mynasyp boldy. Onuň “Slawiýanyň” derwezesine girizen goluna janköýerleriň 60-sy ses berdi. Mozyrlylar bilen geçirilen oýunda Denis Lewiskiniň tora salan 2-nji pökgüsi 3-nji orunda. Ol 29 ses aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň