Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler

23:5722.11.2017
0
7310

“Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda altynjy türkmen-rus ykdysady maslahaty geçirildi, maslahata gatnaşmak üçin Russiýa Federaýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi, onuň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar.

Türkmen paýtagtynda geçirilen türkmen-rus ykdysady maslahaty netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň has geljegi uly ýollaryny anyklaşdyrmaga ýardam bermelidir.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň üstünlikli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, şu gezekki duşuşygyň ykdysady hem-de intellektual mümkinçilikleri has giňden herekete girizmek maksady bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.

RF-niň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti çykyşynyň başynda ajaýyp ak mermerli Aşgabatda özlerini örän mähirli garşylandyklaryny hem-de türkmen paýtagtynyň gözellige we binagärlige aýratyn sarpa goýýanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, Hazar deňziniň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň özüne çekijiligi aýratyn nygtaldy.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň wekilleri, şeýle hem şu ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutladylar, şonda türkmen türgenleri 245 medala mynasyp boldular, şunda “Aşgabat-2017” oýunlarynyň ägirt uly geriminiň geljekki yklym derejeli sport ýaryşlary üçin ýokary derejeli nusgadygy nygtaldy.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat we medeniýet merkezleri bilen göni ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gezekki maslahata hem Russiýanyň 8 sebitiniň wekilleri gatnaşýarlar. Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan, Swerdlowsk, Belgorod oblastlary we RF-niň beýleki sebitleri Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýärler.

Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygy geljekde mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri hakyndaky wideofilim görkezildi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilen wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmägeRussiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň giňden gatnaşmak mümkinçiliklerihas jikme-jik ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, bu maslahat taryhy arabaglanyşyklara esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň bähbitlerine laýyk gelýän dostlyk we özara düşünişmek ýörelgelerine doly laýyk gelip, ýokary hil derejelerine ýetendiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň