Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

06:0122.11.2017
0
9623

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Köpetdagyň owadan künjekleriniň birindäki tebigy hem-de taryhy ýadygärlikler we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Serhet galasynyň merkezi binasynda ýerleşýän maslahat zalynda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeler, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de işlerini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri girizildi.

Soňra döwlet Baştutany harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilen serhet galasynyň binalaryny gözden geçirdi. Bu ýerde harby gullukçylaryň durmuşy we gullugy üçin hemme şertler döredildi.

Merkezi binada Maglumat merkezi ýerleşip, ol ýerde ýagdaýy gözegçilikde saklamaga hem-de döwlet serhediniň şu böleginde ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara dessine täsir etmäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar oturdylypdyr. Merkeziň tehniki taýdan mümkinçiliginiň netijesinde serhetçiler serhet zolagynda gije-gündizleýin wideoşekilli gözegçiligi alyp barýarlar hem-de ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki bölümler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar.

Şeýle hem bu ýerde dürli iş otaglary we çäreleri geçirmäge niýetlenen giň maslahat zaly hem-de kitaphana bar.

Toplumda esgerleriň ýatylýan otagy hem oňaýlylyk derejesi bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň dynç almagy üçin döredilen şertler, olaryň gündelik durmuşda ulanýan serişdeler bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy.

Serhetçiler we olaryň maşgala agzalary üçin ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýjylaryň amatly durmuş we dynç alyş şertleri üpjün edýän döwrebap oňaýlyklaryň ählisi göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde çagalar üçin gurnalan oýun meýdançalary, ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezi hem bar.

Serhet galasynyň çäklerinde durmuş üpjünçiligine degişli özbaşdak ulgamlar ýerleşýär, gulluk itleri üçin ýörite jaýlar bar. Şol itler harby gullukçylar bilen bilelikde gije-gündiz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda durýar.

Soňra milli Liderimize serhetçileriň ygtyýarynda bolan döwrebap harby tehnikalaryň nusgalary görkezildi. Watanymyzyň mukaddes araçäklerini ygtybarly goramaga niýetlenen ýörite tehnikalaryň dürli görnüşleri Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde Döwlet serhet gullugyna gelip gowuşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň