Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Watandaşlarymyza gutlag hatyny iberdi

23:5820.11.2017
0
6103

Sizi halkara ähmiýetli uly taryhy waka - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Bitraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwletdir. Bu bolsa, biziň üçin uly abraý we şol bir wagtyň özünde hem Milletler Bileleşiginiň öňünde uly jogapkärçilikdir. Biziň ýurdumyz Bitarap döwletiň wezipesini abraý bilen ýerine ýetirýär. Munuň özi Garaşsyz döwletimize ägirt uly ynam we hormat getirýär.

2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açylan Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi geçen döwrüň içinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip geldi. Sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň goldaw bermeginde bu Merkeziň açylmagy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur şertleri döretmekde dünýä bileleşiginiň alyp barýan işleriniň ugrunyň birdigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediji bu sebit merkezi, Merkezi Aziýa ýurtlarynda durnukly ösüşiň bähbidine gyzyklanma bildirilýän we oňyn gepleşikler üçin möhüm ähmiýete eye boldy. Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bu Merkeziň çäklerinde yzygiderli geçirilýän maslahatlar we duşuşyklar, umumy meselelere ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi. Şol möhüm meseleleriň hatarynda dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde anyk netijeleri gazanmak babatda gural hökmiinde öňüni alyş diplomatiýasy, serhetýaka suw- energetika serişdelerini dolandyrmak, serhetýaka jenaýatçylygyna we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, goňşy Owganystandaky ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler bar.

Şunuň bilen bir hatarda, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýanyň bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň 55-nji maslahatynda agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi hem-de dünýäniň ähli kontinentlerine wekilçilik edýän 57 döwletiň bu resminamany dörediji hökmünde çykyş etmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär

Pursatdan peýdalanyp, bu örän möhüm resminamany taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde Türkmenistana goldaw beren BMG-niň agza döwletleriniň ählisine türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki esasda ýakyndan we köpugurly hyzmatdaşlyk etmek indi 25 ýyl bäri bu Guramanyň düzüminde bolan Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu Guramanyň dünýäde iň iri we abraýly halkara guramasy bolmak bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynyň esasyny düzýär hem-de derwaýys meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar we gepleşikler arkaly çözülmeginiň kepili bolup durýar. Milletler Bileleşigi dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurda öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ahli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji gural bolup hyzmat edýär.

Bu aýratyn hem, dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.

Biziň öňümizde goýan esasy maksadymyz halkara borçnamalarymyza hem-de halkara hukugynyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Şundan ugur alyp, biz Birleşen Milletler Guramasy bilen bir hatarda beýleki abraýly halkara guramalary we dünýä ýurtlary bilen syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň halkara söwda - ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň ýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýäde giň goldawa mynasyp bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň çäklerinde berýän goldawy, demokratik institutlarymyzy kemala getirmekde ýardamy üçin, Birleşen Milletler Guramasyna minnetdarlygymy beýan edýärin.

Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjeleri aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bitaraplyk içerki durnuklylyk, jemgyýetçilik ylalaşygy we ösüşi hökmünde halkymyzyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklarynda bolsa, birek-biregi hormatlamak we deňhukukly döwletara hyzmatdaşlygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň nusgay hökmünde kabul edildi. – diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň