Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler

18:1819.11.2017
0
2989

Şu ýylyň 2 — 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň ilkinji halkara sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Başgaça maýagoýumçylaryň duşuşygy hökmünde hem häsiýetlendiriljek sergi örän uly ähmiýete eýe bolar.

Importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen ömünçiligi ýola goýmak Türkmenistanyň Prezidentiniň telekeçilerden esasy talaplarynyň biri. Bu babatda ýurdumyzda eýýäm önjeýli işler hem alnyp barylýar. Dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara sergi dünýäniň çar künjünden önümçilik desgalaryny, enjamlaryny öndürmek bilen meşgullanýan onlarça kompaniýanyň gelmegine garaşylýar. Has takygy, olar şu aşakdaky ugurlar boýunça öz önümlerini we harytlaryny hödürlärler:

— önümçilik tehnologiýasy;

— önümçilik enjamlary we stanoklary;

— gaplamalaryň dürli görnüşleri;

— azyk önümleri we gaplama enjamlary;

— önümçilik ölçeg enjamlary;

— önümçilik daşama ulgamlary we konweýerleri;

— önümçilik barlaghana enjamlary;

— zawod-fabrikleriň enjamlary we kranlar;

— önümçilige degişli beýleki enjamlar.

Diýmek, sergi ýurdumyzda eksport maksatly önüm öndürmegi meýilleşdirýän hususyýetçiler üçin oňat mümkinçilik bolar. Sergi türkmen hususyýetçilerine bir bada köp mümkinçiligiň içinden iň gowusyny saýlamaga şert döreder.

Halkara serginiň guramaçylary ýurduň hususy ulgamynyň wekillerini Aşgabatda geçiriljek gözden geçirilişe gatnaşmaga çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň