Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky medeniýet günleri geçirildi

17:4519.11.2017
0
2963

Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky medeniýet günleri geçdi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň 35 adamdan ybarat toparynyň gatnaşmagynda Ýaponiýanyň Tokio şäheriniň "Palace" myhmanhanasynyň "Aoi" merkezinde Medeniýet günleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy, türkmeniň gadymy çaý medeniýeti bilen tanyşdyrylyşy, şeýle-de sungat ussatlarynyň konserti boldy. Türkmen sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary Tendo şäheriniň "Tendoşi Şimin Plaza" merkezinde hem görkezildi. Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň "Sport bagy" seýilgähinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy, türkmeniň gadymy çaý medeniýeti bilen tanyşdyrylyşy we iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň