Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda Bütindünýä Göreldeli kakalar güni bellenildi

17:3519.11.2017
0
94
Türkmenistanda  Bütindünýä  Göreldeli kakalar güni bellenildi

       18-nji noýabrda  Bütindünýä Göreldeli kakalar güni mynasybetli Aşgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen    ÝUNISEF-iň guramagynda  “Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr”  ady bilen  köpçülikleýin dabaraly çäre geçirildi. Oňa  Türkmenistanyň bilim edaralarynyň,  jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habara beriş serişdeleriniň işgärleri bilen birlikde  söwda merkezine dynç almaga gelen ene-atalar we olaryň körpejeleri gatnaşdylar. Ýakynda kabul edilen  “Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr” atly maksatnamanyň  çäklerinde geçirilen dabaranyň esasy maksady  halk köpçüligine çaganyň irki ösüşinde  ejäniň terbiýesi bilen birlikde kakanyň hem ähmiýetli ornuny düşündirmekden ybarat boldy.

     Göreldeli kakalar gününe bagyşlanan  dabaraly çäräniň esasy bölegi  kakalaryň  öz çagajyklary bilen birlikde guralan dürli bäsleşiklere  gatnaşyp,  ene-atanyň perzent terbiýesindäki ähmiýetini  açyp görkezmeklerinden  ybarat boldy.  Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

   Dabaraly çäräniň dowamynda   ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlaryň, tanslaryň ýerine ýetirilmegi söwda merkezine çagajyklary bilen dynç almaga gelen ildeşlerimiziň  ruhuny has-da belende göterdi.   Bu hakynda ýakynda çäreden goýjak fotoreportažymyzda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň