Soňky habarlar

Arhiw

"Zenan kalbyndan dörän nepislik" atly bäsleşik geçirildi

16:3819.11.2017
0
1956

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikde guramaklarynda "Zenan kalbyndan dörän nepislik" atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, olar: 1. 9-12 ýaşlaryndaky gyzjagazlar üçin bir sagadyň dowamynda köýnek tikmek. 2. Berlen wagta laýyklykda, gyzlaryň elbukjasyny taýýarlamak. 3. Bir aýdymyň dowamynda gyzlaryň gültahýasyna gülýaýdy keşdesini nagyşlamak. Bäsleşik juda dartgynly geçdi. Netijede, baş baýraga - "Owadan" hyzmat öýüniň, birinji orna - Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ikinji orna - Aşgabat şäheriniň 80-nji orta mekdebiniň, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň toparlary mynasyp boldy. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň