Soňky habarlar

Arhiw

Kermanşah welaýatynda bolup geçen ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer ýüki Eýrana ugradyldy

23:4018.11.2017
0
9060

Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan muzdsuz berlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer ýörelgelerine esaslanylandygy hem-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alnandygy bellenilýär.

Goňşy Eýranyň günbatar sebitinde bolan ýertitreme köpsanly heläkçilige, weýrançylyga getirdi. Türkmenistan milletiň ruhy ýörelgeleriniň esasyny düzýän ynsanperwerlik we hoşniýetlilik däplerine eýermek bilen, tebigy betbagtçylyk hakyndaky ajy habara dessine seslendi we ilkinjileriň hatarynda goňşy eýran halky üçin kyn pursatda zerur bolan kömegi ugratdy.

Biziň ýurtlarymyzy gadymy dostluk we birek-birege goldaw bermek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Türkmen we eýran halklarynyň gadymy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ol häzirki döwürde iki halkyň birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň esasyny düzýär.

Derman serişdelerinden ybarat bu gymmatly ýüki gowşurmak çäresi Maşat şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň farmasewtika ammarynda geçirildi. Bu uniwersitetiň azyk iýmiti we derman serişdeleri boýunça prorektory doktor Saberi çärede Eýran tarapyna ýolbaşçylyk etdi.

Dabara şeýle hem Horasan Razawi welaýatynyň adatdan daşary amallarynyň direktory Ahmad Sahebnasag hem-de Maşat şäheriniň lukmançylyk uniwersitetiniň dermanhana edarasynyň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Olar Eýranyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna şeýle agyr pursatda goňşy eýran halkyna beren goldawy we kömegi üçin hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de ýurdumyzyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň adyna ynsanperwer ýüküni ýetirmekde ýardam berendigi üçin aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy.

Çärä Eýranyň esasy köpçülikleýin habar beriş senişdeleriniň wekilleri, Horasan Razawi welaýatynyň telewideniýesiniň žurnalistleri we operatorlary gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň