Türkmenistanyň birža geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million dollaryndan gowrak boldy

18:5018.11.2017
0
3330

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 88-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kükürdi, ABŞ-den gelen telekeçiler bolsa, tehniki ýody we ýodly kaliýi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplükleri, bugdaý uny, dürli konditer önümleri ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 137 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasynyň telekeçileri jemi bahasy 4 million 403 müň manatdan gowrak bug gazanlaryny we durmuşy tehnikalaryny satyl aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million 644 müň manatdan gowrak ýük daşaýan ulaglary, polipropilen (TNGIZT), azyklyk bugdaýy we pamyk süýümlerini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň