Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

04:5818.11.2017
0
10395

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermegi üçin söz berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda degişli ugurda geçirilmeli işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ep-esli artandygyny belledi. Dürli ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamanyň kabul edilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulýan işleriň garamagyndaky düzümler tarapyndan öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer maliýe-ykdysadyýet ulgamyna girýän edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze neşirini döretmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri hem-de ykdysadyýet ulgamyndaky giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlaryny giňden beýan etmegiň we ilata ýetirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere täze neşiri döretmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli işlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de degişli edaralar tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, içerki bazary ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, onuň kuwwatyny hem-de milli ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere söwda we telekeçilik işini kämilleşdirmek, telekeçiligi işjeňleşdirmek hem-de ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny hem-de suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň, nebit koksynyň we gudronyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem asfalt taýýarlanylanda ulanylýan ýol bitumynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Olaryň çözülmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän täze nebit we gazhimiýa önümçiliklerini gurmak işleri bar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti nebit gaz pudagynda innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Olar ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün edip, daşky gurşawy goramak babatda wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Wise-premýere TNGIZT-de täze desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek hem-de ýakyn geljek üçin nebiti gaýtadan işleýän senagatda amala aşyryljak düzüm taslamalaryny ilerletmek boýunça işleriň depginini artdyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg edilýändigini, şol sanda gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulýandygyny, topragyň mineral dökünler bilen gurplandyrylýandygyny, haşal otlaryň garşysyna göreşilýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, meýdanlarda pagtanyň galan hasylyny ýygnamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda çig maly gaýtadan işlemek işleri alnyp barylýar, daýhanlar bilen özara hasaplaşyklar geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalary we enjamlary geljek ýylyň möwsümine taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini köpeltmäge, şol sanda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna artdyrmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek hem-de ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmak boýunça umumydöwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, toprak hem-de suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam berýän öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň we iş ýüzünde ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer önümleri daşamak üçin himiýa senagatynyň kärhanalaryny täze demir ýol tehnikalary bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Türkmenabadyň himiýa zawody üçin kükürt kislotasyny daşamak üçin niýetlenen demir ýol çeleklerini satyn almak boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada aýtdy. Onuň taslama kuwwatynyň bu önüm bilen diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini doly kanagatlandyrmaga däl, eýsem, ony daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli ugurlarda, şol sanda mineral dökünleriniň dürli görnüşlerini öndürmek ulgamynda uly geljege eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde himiýa senagatynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenabadyň himiýa zawodynyň ägirt uly kuwwatynyň hem-de önümçilik toplumynyň uly geljeginiň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň we ilatyň özümizde öndürilýän dürli görnüşli hem-de ýokary hilli himiýa önümlerine bolan isleglerini öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda degişli inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi bolan ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň meýilnamasyny taýýarlamak babatda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Bu meýilnama laýyklykda, täze binalary gurmak üçin meýilleşdirilýän meýdanda ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar bagyny, umumybilim berýän mekdebi, köpugurly söwda merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň buýrujysy ýurdumyzyň Senagat ministrligi bolup durýar. Işleri bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde binalary gurmak boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşigini yglan etmek barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda özboluşly desgalaryň we binalaryň gurulýandygyny belledi. Binalaryň köpsanlysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz potratçylar bilen baglaşylýan şertnamalara özboluşly işleriň we pikirleriň göçürilmeginden goramak maksadynda gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak babatda degişli patenti resmileşdirmek bilen bagly bölümi girizmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem şundan ugur almak bilen, şertnamada gurluşygyň taslamasy üçünji bir ýurda berlen halatda, potratçynyň we buýrujynyň mümkin bolan jogapkärçiligini görkezmeli.

Gol çekilýän her bir şertnama ýokarda görkezilen bölümi hökman içine almalydyr diýip, milli Liderimiz talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýurdumyzdaky ähli iri we möhüm ähmiýetli gurluşyklara patent bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz gurluşyk üçin ähli bäsleşikleriň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyna, desgalary gurmagyň hiline we möhletlerine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýduryp, degişli Buýruga gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň demir ýol pudagyny has-da ösdürmäge degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň hereket etmegindäki amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini nygtady. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi—halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň esasy ugry bolan demir ýol pudagyny maksadalaýyk we yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Demir ýollaryň täze şahalary çekilýär, dürli ähmiýetli wagonlar, kuwwatly teplowozlar hem-de beýleki tehnikalar satyn alynýar. Pudaga innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze kärhanalar açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň zerur bolan hilini üpjün etmek boýunça gözegçiligi hem-de hereketleriň anyk meýilnamasynyň berjaý edilmegini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Rumyniýanyň Aşgabatda geçiriljek Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Wise-premýer döredijilik forumynyň maksatnamasyna iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesiniň goşulandygyny belledi. Olaryň hatarynda muzeý işiniň hünärmenleri bilen duşuşyk, Rumyniýanyň milli egin-eşikleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, kinofilmleriň görkezilişi hem-de bilelikdäki konsert bilen baglanyşykly çäreler bar. Myhmanlar paýtagtymyzdaky muzeýleriň gymmatlyklary we Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-rumyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňümizdäki döredijilik çäresiniň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garap, dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy, ählumumy ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine döwrüň talabyna laýyk gelýän halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynda daşary ýurtlar bilen özara ynanyşmagy hem-de dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Bagabatda 200 orunlyk täze şypahanany gurmak baradaky teklibi hödürledi.

Bu şypahananyň düzüminde anyklaýyş we maslahat beriş, fizioterapiýa, bejeriş we beýleki bölümler bolar. Olary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bagabatda şypahanany gurmak meselesiniň üstünde içgin işlemegi, gurluşyk işleriniň ähli ugurlaryny öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen, ýurdumyzyň şypahanalaryny iň täze ýokary tehnologiýaly tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere mekdep okuwçylarynyň hem-de ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek ulgamynda aň-bilim we düşündiriş çärelerini geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň bu meseläniň örän wajypdygyna oňat düşünmelidigini we onuň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşmelidigini aýdyp, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulan halatynda, olaryň jogap bermelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 14–15-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) netijeleri barada hasabat berdi.

Wekilçilikli foruma Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa, Amerika ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we düzümleriniň, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň, iri bank-maliýe edaralarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Iki günlük maslahatyň barşynda Owganystany ösdürmäge ýardam bermek boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge, energetika, ulag hem-de kommunikasiýalar, söwda, hususy telekeçilik ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy höweslendirmäge hem-de işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine garaldy.

Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm wakasy boldy. Bu täze halkara ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem işewürler maslahaty, zenanlaryň işewür duşuşygy, bilelikdäki söwda sergisi hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.

RECCA VII maslahatynyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Onda gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalaryň sebitde hem-de sebitara giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge taýýardygy öz beýanyny tapdy.

Türkmen paýtagtynda geçirilen maslahat tutuş dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde onuň giňden beýan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň oňyn 
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, mundan beýläk-de Owganystana durmuş-ykdysady taýdan galkynmakda ýardam berjekdigini belledi. Ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, olaryň durmuşa geçirilmegine goňşy döwletiň sebit we halkara hyzmatdaşlygyna goşulyşmagy boýunça görülýän umumy çäreler babatda garaýar.

Türkmenistan doganlyk owgan halkynyň parahatçylyga we durnuklylyga ymtylmagynda raýdaş bolmak bilen, Owganystandaky ýagdaýy diňe syýasy-diplomatiki, gepleşikler serişdeleri arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam etmek boýunça halkara tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmek we özara bähbitli sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek işinde paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň ähmiýetini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň alyp barýan işleri, häzirki döwürde döwlet gurluşygynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeli guralydygyny belläp, jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmäge deputatlaryň ünsüni çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işde uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň