Soňky habarlar

Arhiw

Paýtagtymyzyň günbatarynda täze ýaşaýyş toplumy peýda bolar

04:3818.11.2017
0
7206

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda degişli inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi bolan ýaşaýyş jaý toplumy gurlar .

Taslama laýyklykda, 32 gektar meýdanda 1120 maşgala niýetlenilen 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 35-sini, şeýle hem 160 orunlyk çagalar bagyny, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we köpugurly söwda merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň buýrujysy ýurdumyzyň Senagat ministrligi bolup durýar. Işleri bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň