Soňky habarlar

Arhiw

29-30-njy noýabrda Aşgabatda Rumyniýanyň Medeniýet günleri geçirler

04:2518.11.2017
0
6675

Döredijilik forumynyň maksatnamasyny iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesi emele getirer. Olaryň hatarynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, muzeý işiniň hünärmenleri bilen duşuşyk, Rumyniýanyň milli egin-eşikleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, kinofilmleriň görkezilişi hem-de bilelikdäki konsert bilen baglanyşykly çäreler bar.

Rumyniýaly myhmanlar paýtagtymyzdaky muzeýleriň gymmatlyklary we Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň