Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze maliýe-ykdysady neşir peýda bolar

03:0818.11.2017
0
5078

Türkmenistanda ykdysady ugurly täze döwürleýin neşir dörediler. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer G. Myradow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ykdysadyýet ulgamyna girýän edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek üçin “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze neşirini döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri hem-de ykdysadyýet ulgamyndaky giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlaryny giňden beýan etmegiň we ilata ýetirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere täze neşiri döretmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli işlemegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň