Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasy gurlar

02:3418.11.2017
0
9367

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasy gurlar. Ony gurmak üçin geçirlen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Babaýew habar berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny hem-de suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň, nebit koksynyň we gudronyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem asfalt taýýarlanylanda ulanylýan ýol bitumynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Halkara bäsleşigine gatnaşyjylara bildirilýän talaplaryň biri uglewodorod serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion tehnologiýalary peýdalanmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň