Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda talyplaryň arasyndaky nobatdaky Oýunlaryň we Milli spartakiadanyň ilkinji tapgyry badalga aldy

16:4217.11.2017
0
4993

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Sport – sagdynlygyň we ruhubelentiligiň ýurdy” şygary astynda geçirilýän IX Uniwersiadasynyň we orta mekdepleriň, orta hünär okuw mekdepleriniň, ministrilkleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleriniň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilýän IX Milli spartakiadasynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabaraly çärä ýokary okuw mekdepleriniň professor – mugallymlary, talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň belli türgenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda her ýylda umumymilli derejede geçirilýän sport çäreleri bahra giň gerime eýe bolýar. Munuň özi ýokary netijeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn düzümleýin we durmuş ulgamyna degişli özgertmeleriň aýdyň netijesidir.

Şu ýyl geçirilýän Uniwersiada we Spartakiada ähli ýaşdaky sporta höwesekler gatnaşyp bilerler. Onuň çäklerinde sportuň 20-ä golaý görnüşi bar. Olaryň arasynda sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, küşt, tennis, basketbol, el pökgüsi, erkin göreş, futzal, sambo, grek-rim göreşi, dzýudo, nyşana ok atmak, milli göreş, futbol, 3 х 3 basketbol, badminton, welosport we beýleki görnüşleri bar.

“Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygary astynda geçirilýän IX Uniwersiada we IX Spartakiada üç tapgyrda bolar. Jemleýji ýaryşlar 2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň