Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 31-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

10:2617.11.2017
0
1233

Iki günläp dowam etjek tapgyryň birinji gününde "Aşgabat" "Şagadamy" kabul eder. Duşuşykda paýtagtyň adybir toparynyň gazanjak ýeňşi olaryň häzirki ornuny — 5-njiligi saklap galmagyna ýardam eder.

Ertir 3 duşuşyk geçiriler. Mary şäherinde geçiriljek duşuşykda ýerli "Merw" ýeňiş gazanyp, 7-nji orundan ýokary galmaga çalşar. Paýtagtda geçiriljek duşuşyk bolsa diňe bir tapgyryň däl, eýsem, möwsümiň hem iň wajyp oýunlarynyň biri bolar. Çempionlygyň iki dalaşgäri "Ahal" hem-de "Altyn asyr" şu gezek gazanjak ýeňşi bilen çempionlyga has ýakynlaşyp biler. Maksada ýetmek üçin "Ahaly" deňlik hem kanagatlandyrsa, "aragatnaşykçylara" diňe ýeňiş gerek. Tapgyr Balkanabat şäherinde geçiriljek "Balkan" — "Energetik" duşuşygy bilen tamamlanar.

31-nji tapgyryň duşuşyklary aşakdaky tertipde geçiriler:

17-nji noýabr (anna)

“Aşgabat” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Geçirilýän wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow

Gözegçi emin: Mels Işmuhammedow

 

18-nji noýabr (şenbe)

“Merw” – “Turan”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Baýramaly etr)

Geçirilýän wagty: 15:30

Duşuşygyň emini: Goşşanow Arslan

Gözegçi emin: Ýaryýew Serdar

 

“Ahal” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Geçirilýän wagty: 15:30

Duşuşygyň emini: Gurbanow Çarymyrat

Gözegçi emin: Ramazanow Eldar

 

“Balkan” – “Energetik”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş)

Geçirilýän wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: Sapaýew Alibek

Gözegçi emin: Gylyçmyradow Öwezdurdy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň