Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly hünärmen AFK-nyň geçiren fitnes boýunça tälimçileriň gözükdirijileriniň okuwyna gatnaşdy

10:1617.11.2017
0
1106

7 — 10-njy noýabr aralygynda Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäherinde Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFK) tarapyndan fitnes boýunça tälimçileriň gözükdirijileriniň okuwy geçirildi.

Halkara okuw seminaryna AFK Agza assosiasiýalarynyň tälimçisleri, instruktorlary, fitnes boýunça instruktorlary gatnaşdylar. Okuwyň esasy maksady fitnes boýunça gözükdirijileriň we tälimçileriň hünärini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Ýurdumyzyň adyndan geçirilen halkara okuw seminaryna “Ahal” toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow gatnaşdy. Ol: “Halkara seminarynda döwrebap fitnes meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aziýa futbol konfederasiýalarynyň derejelerini ýokary galdyrmak üçin nähili işleri geçirmeli diýen sowal seminarda ör-boýuna galdy. Bu barada Londonyň “Çelsisinde”, Turiniň “Ýuwentusynda” hem-de Daniýanyň milli ýygyndysynda fitnes instruktoryň wezipesini ýerine ýetiren Magni Mor giňişleýin düşünje berdi. Onuň geçiren okuw-türgenleşigi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ussat fitnes instruktoryň çykyşynda esasanam Aziýa futbolunda ýaşlaryň arasynda dürli ýaryşlaryň, çempionatlaryň ýeterlik derejede geçirilmeýändigi aýdyldy” diýip, gürrüň berdi. 

Habaryň çeşmesi: www.tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň