Soňky habarlar

Archive news

Ýetginjekleriň çempionaty FSM-iň çempionlygy bilen tamamlandy

10:1217.11.2017
0
312
Ýetginjekleriň çempionaty FSM-iň çempionlygy bilen tamamlandy

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda 2003-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda Aşgabat şäheriniň Sport baradaky komitetiniň Futbol sport mekdebiniň ýygyndy topary ýeňiji boldy.

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynyň sport meýdançasynda geçirilen ýaryşa jemi 8 toparyň gatnaşandygyny ýatladýarys. Final duşuşygynda “Ahal” bilen duşuşan FSM-iň futbolçylary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Toparyna ýeňiş getiren topy Döwran Jumaýew öz adyna ýazdyrdy.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda çempionatyň dowamynda netijeli urgularyň 5-sini geçiren Daýanç Meredow (“Ahal”) ezber hüjümçä gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi.

“Olimpden” 3:0 hasabynda üstün çykan GOÝÇÝSM (Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.   

Çempionatyň netijeleri:

Final

“Ahal” – FSM – 0:1

3-nji orun ugrunda

GOÝÇÝSM – Olimp – 3:0

5-nji orun ugrunda

Mary – Balkan – 3:2

7-nji orun ugrunda

Lebap – Daşoguz – 1:1 (2:4 11 m.j.u)

Habaryň çeşmesi: www.tff.com.tm

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň