Ýazguly Hojageldiýew: "Janköýerlerimiziň goldawy ýeňşe bolan mümkinçiligimizi has-da artdyrdy"

10:0717.11.2017
0
3013

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi internet saýtynda Türkmenistan — Hytaý Taýpeýi duşuşygynyň yzysüre milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew we duşuşykda birinji goly geçiren hüjümçi Myrat Ýagşyýew bilen söhbetdeşlik çap edilýär. Söhbetdeşlik aşakdaky tertipde gitdi:
- Duşuşygyň ilkinji minutlarynda milli ýygyndymyzda aljyraňlylyk duýuldy. Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysy duşuşygyň başynda howply hüjümleri geçirdi. Bu barada näme aýdyp bilersiňiz?
- Wajyp duşuşyklarda munuň ýaly ýagdaýlar elmydama bolýar. Ýöne biz bu ýagdaýdan abraý bilen baş alyp çykmagy başardyk.
- Şu günki duşuşyk barada tälimçi hökmünde öz pikiriňizi aýdaýsaňyz!
- Ilkibaşda biraz oýnumyzy tapyp bilmedik. Ýöne soňlugynda özüňizem görensiňiz, oglanlarymyz özlerini dürsäp, oýny doly derejede öz ellerine almagy başardylar. Oýun hakynda aýdanymda wajyp duşuşyk wagtynda diňe milli ýygyndylaryň duşuşygynda däl, eýsem-de dünýäniň öňdebaryjy toparlarynyň duşuşygynda hem munuň ýaly ýagdaýlar gabat gelýär.
- Oýunda eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusy takyk boldumy, ýa-da ol eminiň ýalňyşlygymy?
- Bizem edil siz ýaly. Meýdançada bolan ýagdaýy görüp ýetişmedik. Ýöne oýundan soň bu pursada gaýtadan syn ederis, diňe şondan soň anyk jogap berip bolar.
- Geljekki oýunlar barada gysgaça aýdaýsaňyz.
- Geljek hakynda aýdanymda, onda toparçada ýene-de bir duşuşyk geçirmek galdy. Final tapgyryna çykandygymyza garamazdan, Bahreýn bilen geçirmeli soňky duşuşygymyza-da ykjam taýynlanarys.
- 12-nji oýunjçy hökmünde garalýan janköýerleriň goldawy, öz oňyn täsirini ýetirdimi?
- Hakykatdan hem janköýerlerimiziň goldawy örän gowy duýuldy. Pursatdan peýdalanyp türkmen futbolunyň muşdaklaryna köp sagbolsunymy aýdýaryn.
- Toparçadan çykmak meselesini abraý bilen çözdüňiz. Öňümizdäki ýylda haçan ýygnanyşmagy meýilleşdirýärsiňiz. Umuman, milli ýygyndymyz indi haçan jemlener?
- Häzirki wagt bu barada anyk bir zat aýdyp biljek däl. Indiki oýnumyz 2018-nji ýylyň ýazynda, şoňa golaý ýygnanyşarys nesip bolsa.
Hüjümçi Myrat Ýagşyýewe berlen sowal:
- Myrat siz öň hem Balkanabadyň toparynda çykyş etdiňiz, size ýerli janköýerleriň goldawy nähili täsir etdi?
- Gaty gowy täsir etdi. Ýerli janköýerleriň goldawy diňe meň oýnuma däl, eýsem-de tutuş ýygyndymyza hem oňyn täsir etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň