Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wekilini kabul etdi

09:0117.11.2017
0
3709

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Tehnologiýa we infrastruktura meseleleri boýunça baş geňeşçisi Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Owganystanyň Prezidenti Mohammd Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Owganystanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýär hem-de iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-de berkidýän dostluk we doganlyk hyzmatdaşlygyna uly sarpa goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de owgan kärdeşine mähirli salamyny beýan edip, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynyň (RECCAVII) ministrler derejesindäki mejlisiniň netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Onuň barşynda Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine, durmuş ulgamynyň dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmegiň ugurlary kesgitlenildi hem-de 
sebit we halkara düzümleýin taslamalaryna netijeli goşulyşmagyna ýardam etmäge gönükdirilen möhüm resminamalar kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň wekili milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň hem-de Owganystana elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygynyň taslamalarynyň sebitiň ýurtlary üçin uly ähmiýete eýedigini nygtady. Bu taslamalar hakyky hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanylan üstünlikleri kanagatlanma bilen belläp, ony mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bradygyny aýtdy. Şunda Hökümetara türkmen-owgan toparyna möhüm orun degişlidir. Bu toparyň işi eýýäm oňat netijeleri berýär.

Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlk goňşy döwletiň çäginde durmuş maksatly desgalary – saglygy goraýyş we bilim edaralaryny gurmakda, owgan talyplaryny ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde okatmakda, ynsanperwerlik ýüklerini yzygiderli ugratmakda hem-de kömek bermegiň beýleki görnüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Mohammad Humaýun Kaýumi döwlet Baştutanymyza hem-de ähli türkmen halkyna doganlyk raýdaşlygy we goňşy ýurduň durnukly ösmeginde netijeli goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we myhman türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň